Oğuzlar Türküsü – Türkmenistan
Gaflaty ýegsan edip, açdyk batyl ýollary,
Toý tutup, döwran sürmüş küren-küren illeri,
Biserhet sähra sygmaz süri-süri mallary,
Ýigide beglik beriň ärdemlidir ogullar,
Aslymyz-atamyzdyr dünýä baglan oguzlar.
Ýaşyl ýazly ýaýlada guruň ala çadyrlary,
At çapyp, altyn gabak atyşsyn batyrlary.
Oguzlar dünýä döräp, dünýä ýaly baýdyrlar,
Hanlyk beriň ýigide—şirdemlidir ogullar,
Dünýä döräp, döwletli-döwranlydyr oguzlar.
Derýadyr-deňizberiň, ýüzsün gaýyk-gämili,
Garly daglary beriň, tapsyn genji-känini,
Gorkut ata ýöretsin gadym oguz däbini,
Goç ýigide tagt beriň,soltan çykar ogullar,
Aslynda hak sylamyş möwlamadyr oguzlar.
Şabaz-şabaz atlary ýyldyrymdan ýyndamdyr,
Esbaplary kümüşden, ganatlary ýeldendir,
Oguzhandyr uýýany, nökerleri çiltenler,
Gerçek ýigide bagt beriň, bagta laýyk ogullar,
Saparmyrat ynanýar, galkmyş türkmen-oguzlar.
SAPARMURAT TURKMENBSY